Eýranda iň soňky korona statistikasy
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i10724-eýranda_iň_soňky_korona_statistikasy
Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrliginiň metbugat sekretary soňky 24 sagatda korona keseli bilen kesellän 97 näsagyň ölmegi bilen ýurtda bu wirus arkaly ölenleriniň sany 61,427 adama ýetdi diýdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Mar 16, 2021 13:20 Asia/Ashgabat
  • Eýranda iň soňky korona statistikasy

Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrliginiň metbugat sekretary soňky 24 sagatda korona keseli bilen kesellän 97 näsagyň ölmegi bilen ýurtda bu wirus arkaly ölenleriniň sany 61,427 adama ýetdi diýdi.

Sima Sadat Lari ýurtda korona keselleriniň we ölümleriň soňky statistikasy barada beren gürrüňlerinde geçen 24 sagatyň dowamynda kesgitleýji ölçeglere görä, kovid-19 keseliniň 8 müň 380 adamy hassaladandygyny aýtmak bilen şolardan 889 adamyň keselhanalarda ýerleşdirlendigini habar berdi.bu hasap bilen ýurtda kovid 19 hassasynyň umumy sany 1,763,313-e ýetdi.

Lari sözüniň dowamynda şu wagta çenli Eýranda 1,506,360 näsag sagaldy ýa-da keselhanalardan boşadyldy diýip beýan etdi.

Resmi maglumatlara görä, koronawirus dünýäde 120 milliondan gowrak adama ýokaşdy we bu keselden 2 million 674 müň-dan gowrak adam öldi.