Zarif: Baýden Eýrana basyş edip täze artykmaçlyk gazanmak isleýär
Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri Amerikanyň täze administrasiýasynyň basyş we zorluk arkaly Eýrandan täze artykmaçlyk gazanmak isleýändigini aýtdy.
Fars habar gullugynyň habaryna görä, Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarif ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýdeniň hökümetiniň ýadro ylalaşyk baradaky syýasaty barada Waşingtonyň Eýrana basyş etmek arkaly täze artykmaçlyk gazanmak isleýändigini aýtdy.
Politico bilen geçirilen söhbetdeşlikde Zarif, Eýranyň ABŞ bilen gepleşik geçirmezliginiň sebäbiniň ýadro ylalaşygyň eýýäm ara alnyp maslahatlaşylandygyny we iki tarapyň arasynda gepleşikler üçin täze mesele ýokdugyny aýtdy.
Eýranyň Daşary işler ministri şeýle-de "Näme üçin gürleşemzok?" Geplemezligiň sebäbi, gürleşjek zadyň ýoklugydyr. şu gün Ak tamda bolýan we şu gün bu ýurduň daşary işler ministrliginde işleýän adamlar ýaly jogapkärler bilen gürleşen şertnamamyz bardyr.