Bageri: jan aýamazlar ulgamyň güýjüniň bir bölegidir
Eýran Yslam Respublikasynyň ýaragly Güýçleriniň Baş ştabynyň başlygy jan aýamazlar güni mynasybetli eden ýüzlenmesinde jan aýamazlaryň ulgamyň güýjüniň bir bölegidigini aýtdy.
Eýran Yslam Respublikasynyň ýaragly Güýçleriniň Baş ştabynyň başlygy general-maýor Muhammet Bageri jan aýamazlar güni mynasybetli eden ýüzlenmesinde bu güni Yslamyň beýgelmegi üçin we Yslam Rewolýusiýasyny goramakda çydam görkezen beýik ynsanlary hormatlamakda gymmatly we uly pursat hasaplady.
Bageriň bu sargydynda ulgamyň güýjüniň we sekiz ýyllyk mukaddes goranyş ýadygärlikleriniň biri hökmünde hem-de ondan soň uly sahnalarda Eýranyň we Eýranlylaryň kasam eden duşmanlary bilen abraýly we aňly gapma-garşylyk etmek üçin köp sanly jan aýamazyň bardygy aýdylýar.
Bu sargytda general-maýor Bageri bu wepaly, ak ýürekli, göwünjeň we näbelli adamlaryň barlygy,welaýatyň sütünini islendik howpdan goradylar diýip nygtady.