Ruhani: Eýran halkynyň garşylygy duşmanlary ýeňdi
Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Hasan Ruhani 1400-nji ýylyň başynda we Nowruz mynasybetli eden çykyşynda, Eýran halkynyň garşylygyny duşmanlaryň ýeňilmeginiň sebäbi hasaplady.
Prezident hasan Ruhani Täze ýylyň gelmegini gutlap, Eýran halkyna garşy gazaply we rehimsiz ykdysady söweş barada durup geçdi. ol sözüniň dowamynda Eýran halky Korona garşy söweşe girdi, diňe bir epidemiýa garşy göreşmek üçin adaty global kömeginden mahrum bolman, eýsem daşary ýurt banklaryndaky baýlygyna-da girip bilmedi diýdi.
Bu kyn we sowuk möwsüm, bu beýik gyrgynçylyk we birnäçe dürli ugurda bir wagtyň özünde göreş; Eýran halkynyň sabyrlylygy we erjelligi eposy sebäpli, Eýranyň taryhynda ajaýyp we şöhratly bir bölüme öwrüldi diýip nygtap geçdi.