Galibaf: Önümçiligiň ösmegine kanuny päsgelçilikleri aýyrmak mejlisiň agzalarynyň ilkinji meselesi
Mar 20, 2021 16:18 Asia/Ashgabat
Eýranyň mejlis başlygy Muhammet bager galibaf 1400-nji ýylyň we nowruzyň başlangyjy mynasybetli eden çykyşynda Yslam şura mejlisiniň agzalary geljek ýylda ýurtda önümçiligiň gülläp ösmegine kanuny päsgelçilikleri aýyrmak üçin ähli tagallalary ederler diýdi.
Eýranyň mejlis başlygy Muhammet bager galibaf sözüniň dowamynda bütin edaralaryň goldawy bilen Yslam Rewolýusiýasynyň ýolbaşçysynyň önümçilik ýylynda talaplaryny ýerine ýetirmek üçin jemgyýetçilik we meşhur hereket peýda bolmagyny we ynkylapdyr mukaddes gorag ýyllarynda bolşy ýaly önümçiligi ösdürip ykdysady kynçylyklardan gemçmegi arzuw etdiler.