Kazyýet güýjüniň başlygy: Howpsuzlygy üpjün etmekde serhetçiler möhüm rol oýnaýarlar
Eýran Yslam Respublikasynyň kazyýet ulgamynyň başlygy howpsuzlygy üpjün etmekde serhetçiler möhüm rol oýnaýarlar diýip nygtady.
Eýran Yslam Respublikasynyň Kazyýetiniň başlygy Seýed Ybrahim Raisi, Horasan Razawi welaýatynyň Dugharanyň ýörite ykdysady zolagyna we bu sebitiň serhet gözegçilik nokadyna eden sapary wagtyndaberen gürrüňlerinde serhetçiler howpsuzlygy üpjün etmekde möhüm rol oýnaýan gahrymanlardyr diýip yglan etdi.
Kazyýet başlygy serhet sapary wagtynda şeýle-de Yslam Rewolýusiýasynyň Ýolbaşçysy şu ýyl öňki ýyllara garanyňda has köp zada garaşýar diýmek bilen şonuň üçin 1400-nji ýylda ýurtda önümçiligi ýokarlandyrmak üçin her kim çynlakaý we dürli işler etmegi karar etmelidir diýdi.
Seýed Ybraýym Raisi şeýle-de Dogarun serhedini möhüm serhet hasaplady we sözüniň üstüni ýetirdi: Bu serhet sebiti aýratyn ykdysady we howpsuzlyk taýdan möhümdir we howp abanmazlygy üçin iki tarapdan hem oňa ünsli garalmalydyr.
Raisi, Eýranyň sebit ýurtlary, esasanam goňşulary bilen gatnaşyklarynyň möhümdigine yşarat edip şeýle diýdi: Dünýä bilen ykdysady konstruktiw täsir ulgamyň möhüm syýasatlaryndan biridir we bu serhetdäki işleriň tertipleşdirilmegi öndürijilere we eksporta we importa kömek edýär diýip beýan etdi.
Kazyýet başlygy tranzit örtüginde harytlaryň bikanun eksport edilmeginiň guramaçylykly gaçakçylygyň mysalydygyny aýtdy.