Eýranda iň soňky korona statistikasy
Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministrliginiň metbugat sekretary ýurtdaky koronawirusdan 80 adamyň ölendigini habar berdi.
Eýran Press habar gullugynyň habaryna görä, Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrliginiň metbugat sekretary "Sima Sadat Lari" şu gün beren gürrüňlerinde soňky 24 sagatda korona wirusy sebäpli 80 näsagyň ölmegi bilen ýurtda bu wirus arkaly ölenleriniň sany 61,877 adama ýetdi diýdi.
Sima Sadat Lari ýurtda korona keselleriniň we ölümleriň soňky statistikasy barada beren gürrüňlerinde geçen 24 sagatyň dowamynda kesgitleýji ölçeglere görä, kovid-19 keseliniň 7 müň 357 adamy hassaladandygyny aýtmak bilen şolardan 600-den gowrak adamyň keselhanalarda ýerleşdirlendigini habar berdi.bu hasap bilen ýurtda kovid 19 hassasynyň umumy sany 1,808,422-e ýetdi.
Lari şeýle-de Şu wagta çenli 1,549,649 näsag sagaldy ýa-da keselhanalardan çykaryldy diýdi.
Sima Sadat Lari, şeýle hem, kovid-19 keseli bilen kesellän 3,861 hassanyň hassahanalaryň reanimasiýa bölümlerinde ideg edilýändigini aýtdy.
Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministrliginiň metbugat sekretary şeýle-de sözüniň ahyrynda şu wagta çenli ýurtda kovid-19-yň 12 million 221 müň 274 anyklaýyş synagynyň geçirilendigini aýtdy.