Ruhani: Döwlet ähli güýji bilen lukmançylyk işgärleriniň tarapyndadyr
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i10816-ruhani_döwlet_ähli_güýji_bilen_lukmançylyk_işgärleriniň_tarapyndadyr
Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti, koronawirusa garşy göreşde döwletiň elinden gelenini edendigini we lukmançylyk işgärleriniň ýanynda durjakdygyny aýtdy.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Mar 22, 2021 11:56 Asia/Ashgabat
  • Ruhani: Döwlet ähli güýji bilen lukmançylyk işgärleriniň tarapyndadyr

Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti, koronawirusa garşy göreşde döwletiň elinden gelenini edendigini we lukmançylyk işgärleriniň ýanynda durjakdygyny aýtdy.

IRNA-nyň habaryna görä, Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Hasan Ruhani duşenbe güni ýurduň birnäçe lukmançylyk merkezleri bilen wideo baglanyşykda Lukmançylyk işgärlerini täze ýylyň gelmegi bilen gutlady we edýän tagallalaryna ýokary baha berdi.

Ruhani sözüniň dowamynda şeýle-de  döwlet lukmançylyk işgärlerine elmydama minnetdar, sebäbi olaryň gerşinde agyr ýüküň bardygyny bilýäris diýdi.

Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti sözüni dowam etdirip: Eýran lukmançylygy sebitdäki we dünýäniň ösen ýurtlary bilen bäsleşip biler diýdi.

Ruhaniniň pikiriçe: Lukmanlar we lukmançylyk işgärleri adamlaryň saglygyny goramak üçin öz janlaryndan maýa goýandyrlar.

Ruhani, medisina işgärleriniň tagallasy we pidakärçilikleri bilen täze ýylda koronadan ölýänleriň sanynyň azalmagyna umyt edýändigini aýtdy.