Adam hukuklary geňeşiniň Eýrana garşy kararyna Eýranyň reaksiýasy
Eýranyň Birleşen Milletler Guramasynyň Ženewadaky wekilhanasynyň hemişelik wekili; BMG-nyň Adam Hukuklary Geňeşiniň Eýrana garşy çykaran rezolýusiýasy we käbir Günbatar ýurtlarynyň bu meseleden öz bähbitler ugurnda haýyrlanmagy barada duýduryş berdi.
Eýranyň Birleşen Milletler Guramasynyň Ženewadaky wekilhanasynyň hemişelik wekil iIsmail Baqaei Hamaneh adam hukuk geňeşini gural höküminde ulanmakda hiç hili çäklendirmesi we çarçuwasy bolmadyk käbir ýurtlara duýduryş bermek bilen, Rezolýusiýany esaslandyryjylar we ony goldaýanlar, eýran halkynyň adam hukuklaryny gowulaşdyrmak isleýändigini aýdyp bilmeýärler diýip nygtady.
BMG-nyň Adam hukuklary geňeşiniň Ženewada geçirilen 46-njy mejlisinde Angliýa we beýleki birnäçe Ýewropa ýurtlary tarapyndan Eýranda adam hukuklary ýagdaýy boýunça ýörite hasabatçynyň ygtyýarlyklaryny uzaltmak baradaky teklibi az ses bilen kabul edildi.