Ruhani: Hytaý bilen gatnaşyklar Eýran üçin strategiki
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i10896-ruhani_hytaý_bilen_gatnaşyklar_eýran_üçin_strategiki
Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Hytaý bilen gatnaşyklary Eýran Yslam Respublikasy üçin strategiki we möhüm diýip atlandyrdy we iki ýurduň uzak möhletleýin hyzmatdaşlyga bolan islegine salgylanyp, ähli ugurlarda, gatnaşyklaryň ösmegine we çuňlaşmagyna ünsi çekdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Mar 27, 2021 15:47 Asia/Ashgabat
  • Ruhani: Hytaý bilen gatnaşyklar Eýran üçin strategiki

Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Hytaý bilen gatnaşyklary Eýran Yslam Respublikasy üçin strategiki we möhüm diýip atlandyrdy we iki ýurduň uzak möhletleýin hyzmatdaşlyga bolan islegine salgylanyp, ähli ugurlarda, gatnaşyklaryň ösmegine we çuňlaşmagyna ünsi çekdi.

Hasan Ruhani Hytaýyň Daşary işler ministri Wan ii bilen geçiren duşuşygynda iki ýurduň arasyndaky täze diplomatik gatnaşyklaryň 50 ýyllygyny, şeýle hem Eýran bilen Hytaýyň arasyndaky ikitaraplaýyn, sebitleýin we halkara hyzmatdaşlygynyň 50 ýyllygyny bellemek bilen Möhüm infrastruktura we ösüş taslamalary baradaky şertnamalaryň ýerine ýetirilişini we işini çaltlaşdyrmagyň zerurdygyny aýtdy.

Şeýle hem Hytaýyň Daşary işler ministri Tehran-Pekiniň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyny ara alyp maslahatlaşdy ol sözüniň dowamynda Hytaý bu meselä hemişe uly ähmiýet berdi we käbir meselelere garamazdan Eýran bilen gatnaşyklarynda ony ileri tutmaga synanyşdy diýip yglan etdi.