Hatibzadeh, Eýran bilen Hytaýyň arasyndaky giňişleýin hyzmatdaşlyk barada twit ýazdy
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i10904-hatibzadeh_eýran_bilen_hytaýyň_arasyndaky_giňişleýin_hyzmatdaşlyk_barada_twit_ýazdy
Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary twitterde Eýran bilen Hytaýyň arasynda toplumlaýyn strategiki hyzmatdaşlyk täze tapgyra gadam basdy diýip ýazdy.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Mar 28, 2021 12:10 Asia/Ashgabat
  • Hatibzadeh, Eýran bilen Hytaýyň arasyndaky giňişleýin hyzmatdaşlyk barada twit ýazdy

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary twitterde Eýran bilen Hytaýyň arasynda toplumlaýyn strategiki hyzmatdaşlyk täze tapgyra gadam basdy diýip ýazdy.

IRNA habar gullugynyň habaryna görä, Said Hatibzadeh Eýran bilen Hytaýyň arasyndaky giňişleýin hyzmatdaşlyk maksatnamanyň habar bultany düýn şenbe güni Eýran Yslam Respublikasynyň we Hytaý Halk Respublikasynyň Daşary işler ministrleri tarapyndan gol çekildi diýip twittinde ýazdy.

Eýran we Hytaý, Şi Jin piniň 1394-nji ýylyň Bahman aýynda Tährana resmi sapary wagtynda beýannama bermek arkaly strategiki gatnaşyklarynyň derejesini ýokarlandyrdy. bu beýannamanyň 6-njy bölüminde iki tarap hem uzak möhletleýin hyzmatdaşlyk resminamasyny ara alyp maslahatlaşmaga we gepleşik geçirmäge taýýardyklaryny mälim etdiler.

Eýranyň diplomatik gullugy hem beýleki döwlet edaralary bilen ýakyn hyzmatdaşlyk edip netijede, hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlyk maksatnamasynyň taslamasyny taýýarlady we 1398-njy ýylyň Şahriwar aýynda Eýranyň Daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarifiň Hytaýa eden sapary wagtynda taslama Hytaý hökümetine gowşuryldy.

Birnäçe aýdan soň, 1399-njy ýylyň ýazynda Hytaý hökümeti Eýran tarapyndan teklip edilen taslama baradaky pikirini resmi taýdan yglan etdi.

Her halda Eýran bilen Hytaýyň arasynda toplumlaýyn strategiki hyzmatdaşlyk resminama düýn şenbe güni Eýranyň we Hytaýyň daşary işler ministrleri tarapyndan gol çekildi. ‌