Zarif: Käbir ýurtlar Eýran bilen Owganystanyň arasyndaky ýakyn gatnaşyklardan nägile
Eýranyň Daşary işler ministri käbir taraplaryň Eýranyň we Owganystanyň jemgyýetçilik pikirine päsgel bermek baradaky tagallalaryny käbir ýurtlaryň we iki ýurda ýakyn akymlaryň nägileliginiň alamaty diýip atlandyrdy.
IRNA habar gullugynyň habaryna görä, duşenbe güni Täjigistanda geçirilen “Aziýanyň ýüregi” konferensiýasynyň çäginde Eýranyň Daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarif Owganystanyň Daşary işler ministri Muhammet Hanif Atmar bilen geçiren duşuşygynda Iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň soňky ýagdaýyna göz aýlamak bilen, käbir taraplaryň, jemgyýetçilik pikirine päsgel bermek baradaky tagallalaryny Eýran we Owganystanyň ýakyn gatnaşyklaryna olaryň nägileliginiň alamaty diýip hasaplady.
Bu duşuşykda Owganystanyň Daşary işler ministri hem hökümete we halka Eýran Yslam Respublikasynyň owgan serhet gümrükleriniň ýangyna gözegçilik etmekde beren kömegi üçin minnetdarlyk bildirmek bilen Syýasy we ykdysady ugurlarda Eýranyň konstruktiw hyzmatdaşlygyny we geňeşmelerini dowam etdirmegini isledi.
Aziýanyň ýüreginiň 15 agzasy Eýran Yslam Respublikasy, Owganystan, Täjigistan, Päkistan, Hytaý, Russiýa, Hindistan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Türkmenistan, Özbegistan, Türkiýe, Azerbaýjan, Saud Arabystany we Birleşen Arap Emirlikleri ýurtlarydyrlar.