Ruhani: Amerikanyň Eýran halkyna garşy ykdysady terrorçylygy henizem dowam edýär
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i10938-ruhani_amerikanyň_eýran_halkyna_garşy_ykdysady_terrorçylygy_henizem_dowam_edýär
Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti geçen ýyl ABŞ-nyň Eýran halkyna garşy girizen sanksiýalary we ykdysady kynçylyklaryna yşarat edip Eýran halkyna garşy görlüp-eşidilmedik jenaýat we ykdysady terrorçylyk dowam edýär diýdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Mar 30, 2021 11:22 Asia/Ashgabat
  • Ruhani: Amerikanyň Eýran halkyna garşy ykdysady terrorçylygy henizem dowam edýär

Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti geçen ýyl ABŞ-nyň Eýran halkyna garşy girizen sanksiýalary we ykdysady kynçylyklaryna yşarat edip Eýran halkyna garşy görlüp-eşidilmedik jenaýat we ykdysady terrorçylyk dowam edýär diýdi.

Eýran Press habar gullugynyň habaryna görä, Hasan Ruhani sişenbe güni bazary düzgünleşdirmek merkeziniň mejlisinde beren gürrüňlerinde yurda garşy üç ýyllyk özboluşly ykdysady söweşde bolandygymyzy hemmeler bilýärler we meşhur we möhüm hünärmenleriň hemmesi başga bir ýurda şeýle ykdysady söweş edilse, ykdysadyýetiniň çökjekdigini boýun alýarlar diýip beýan etdi.

Prezident Ruhani sözüniň dowamynda  bu üç ýylyň içinde kynçylyklaryň hemmesine çydadyk. halkynyň esasy harytlarynda we zerurlyklarynda-da Amerikalylar muňa goşuldylar we köp halatda boýkot etdiler. Taryh boýunça Amerika üçin bu uly masgaraçylyk, deňsiz-taýsyz jenaýat we dünýäniň şaýatlyk edýän we dowam etdirýän ykdysady terrorçylygydyr diýdi.

Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti geçen ýyl koronanyň döremegine we ýaýramagyna yşarat edip şeýle diýdi: Şeýle mesele Ikinji jahan urşundan soň dünýäde görlüp-eşidilmedik derejede boldy bir asyr töweregi wagt bäri, ýagny 1918-nji ýyldan bäri häzirki wagtda pandemiýa öwrülen we bütin dünýäni biynjalyk eden dünýäde beýle howply epidemiýany görmedik.