Eýranda koronanyň iň soňky ýagdaýy
Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrliginiň metbugat sekretary: Soňky 24 sagadyň dowamynda korona keselli 91 näsagyň ölmegi bilen ýurtda bu wirusdan ölenleriniň sany 62,569-e ýetdi diýdi.
Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrliginiň metbugat sekretary "Sima Sadat Lari" şu gün beren gürrüňlerinde geçen 24 sagadyň dowamynda kesgitli anyklaýyş ölçeglerine esaslanyp, ýurtda kovid-19 bilen kesellän 10,250 täze hassa tanaldy diýdi.
Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministrliginiň metbugat sekretary şeýle-de ýurtda kovid-19 näsaglarynyň umumy sany 1,875.234-e ýetdi diýip yglan etdi.
Lari sözüniň dowamynda şu wagta çenli 1,608.807 näsag sagaldy ýa-da keselhanalardan çykaryldy diýip beýan etdi.