Zarif Owganlaryň arasyndaky gepleşikleri ýeňilleşdirmek üçin BMG-dan çakylyk etdi
Eýranyň Daşary işler ministri Halkara Aziýa ýüregi konferensiýasynyň dokuzynjy mejlisinde eden çykyşynda Owganystanda dowamly durnuklylygy üpjün etmegiň ýeke-täk ýolunyň owganlylaryň arasyndaky gepleşikdigini aýtdy.
Eýran Press habar gullugynyň habaryna görä, Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarif şu gün (sişenbe) Aziýanyň ýüregi - Stambul prosesi konferensiýasynda , Eýran Yslam Respublikasynyň sebitleýin integrasiýalaryna we Owganystany sebitara gatnaşygyna girizmek baradaky edýän tagallalaryna yşarat edip bu ýurtda parahatçylygyň we durnuklylygyň ýola goýulmagyny diňe owganlar arasyndaky gepleşiklere gönükdirmek bilen mümkin diýip hasaplady.
Eýranyň Daşary işler ministri Birleşen Milletler Guramasyny owganlar arasyndaky gepleşikleri ýeňilleşdirmäge çagyrmak bilen bu ýurtdaky islendik parahatçylyk şertnamasy owgan halkynyň öz ykbalyny kesgitlemek hukugyny kepillendirmelidir diýdi.
Zarif, 1399-njy ýylda açylan Owganystan demir ýolunyň Eýran demir ýol ulgamyna birikmegine salgylanyp bu özgerişi halkara-sebit demir ýol ulgamynyň emele gelmeginde möhüm ädim hökmünde häsiýetlendirdi.
Eýranyň Daşary işler ministri, kovid-19-a garşy göreşde Owganystanyň zerurlyklaryny kanagatlandyrmak boýunça Eýranyň alyp barýan işlerine yşarat edip, Eýranyň bu hereketleriniň dowam etjekdigini nygtady we ähli ýurtlary korona wirusyna garşy söweşine çagyrdy.
Eýranyň Daşary işler ministri sözüniň ahyrynda Owganystanda dowamly durnuklylygy ýola goýmagyň ýeke-täk ýolunyň owganlar arasyndaky gepleşiklerdigini belläp, Eýran Yslam Respublikasynyň bu gepleşikleri ýeňilleşdirmek ugrundaky tagallalarynyň dowam etdiriljekdigini aýtdy.