Raisi:ýadawsyzlyk bilen kynçylyklary çözmäge synanyşarys
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i10946-raisi_ýadawsyzlyk_bilen_kynçylyklary_çözmäge_synanyşarys
Eýranyň kazyýet güýjüniň başlygy, Lorestan welaýatynyň Horremabad şäherindäki elitalary we halkynyň dürli gatlaklary bilen bolan duşuşygynda ýadawsyzlyk bilen kynçylyklary we adamlaryň meselelerini çözmäge çynlakaýlyk we umyt bilen synanyşarys diýip beýan etdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Mar 30, 2021 16:39 Asia/Ashgabat
  • Raisi:ýadawsyzlyk bilen kynçylyklary çözmäge synanyşarys

Eýranyň kazyýet güýjüniň başlygy, Lorestan welaýatynyň Horremabad şäherindäki elitalary we halkynyň dürli gatlaklary bilen bolan duşuşygynda ýadawsyzlyk bilen kynçylyklary we adamlaryň meselelerini çözmäge çynlakaýlyk we umyt bilen synanyşarys diýip beýan etdi.

Hojjat al-Islam wal-Muslimin Seýed Ybraýym Raisi Sişenbe güni beren gürrüňlerinde Önümçilik, Önümçiligi goldaw we kynçylyklary aýyrmak şygary ýurduň esasy zerurlygydyr we bu şygary durmuşa geçirmek ýurduň meselelerini çözmäge kömek eder diýdi.

Eýranyň kazyýet başlygy duşmanlaryň yslam düzgünine garşy dildüwşük we hüjüm etmek meýilnamalaryna yşarat edip duşman birinji ädimde duýgurlyga baha berýär we halkyň sahnada däldigi barada netijä gelse, ulgamy we rewolýusiýany ýeňmek we çetleşdirmek üçin indiki ädimleri ätýär diýdi.

Raisi şeýle-de ýurduň geljegi örän ýagty we aýdyňdyr diýmek bilen geljege bolan yhlasly ýaşlaryň elinde jemgyýetçilik missiýasy hökmünde, Eýrany öňküsinden has gowulaşdyrarys we ösüşiň iň ýokary derejesine çykarys diýip nygtady.

Eýranyň Kazyýetiň başlygy şeýle-de  duşman sanksiýalar bilen Eýranyň ösüşiniň öňüni almaga synanyşýar ýöne Eýranyň başarjaňlyklarynyň bolmagy we ýadro ýaly dürli ugurlardaky mümkinçilikleri sebäpli şu wagta çenli sanksiýalary ýok edip bildik we mundan beýläk hem duşmanlaryň köp isleýjiligine we zalymlykly sanksiýalaryna garşy bar güýjümiz bilen durarys diýip sözlerine goşdy.