Ruhani: Eýran halkyna garşy sanksiýalaryň dowam etmegi adamkärçiliksiz hereketdir
(last modified Wed, 31 Mar 2021 17:35:52 GMT )
Mar 31, 2021 22:35 Asia/Ashgabat
  • Ruhani: Eýran halkyna garşy sanksiýalaryň dowam etmegi adamkärçiliksiz hereketdir

Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti, Eýran halkyna garşy sanksiýalaryň dowam etdirilmegini adamkärçiliksiz hereket diýip atlandyrdy.

Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Hasan Ruhani çarşenbe güni Korona garşy baş edaranyň ýöriteleşdirilen komitetleriniň ýygnagynda Eýran halkyna garşy sanksiýalaryň dowam etdirilmegini adamkärçiliksiz hereket diýip atlandyrmak bilen Medisina we sanjymlara elýeterlilik ähli ýurtlaryň aç-açan hukuklaryndan biridir, emma Eýran halky bu tebigy hukukdan mahrum edilýär we bu hukukdan mahrum etmek uly zulum we adalatsyzlyk we adamkärçiliksiz hereketdir diýdi.

Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti, ABŞ-nyň ozalky administrasiýasy tarapyndan başlanan we täze administrasiýada dowam edýän Eýran halkyna garşy sanksiýalaryň we ykdysady söweşiň bardygyna yşarat edip Eýrana derman serişdeleriniň we sanjymlaryň iberilmeginiň öňüni almaýandygy baradaky aýyplamalara garamazdan, Alnan maglumatlara görä, daşary ýurt sanjymlaryny taýýarlamakda we üpjün etmekde gaty çynlakaý meseleler bar we bu adamkärçiliksiz hereket adamlaryň durmuşyna we saglygyna gönükdirlendir diýip beýan etdi.

Ruhani, şeýle hem, Eýranyň içinde korona sanjymyny öndürmek üçin edilen tagallalara we üstünliklere ünsi çekdi we şu ýyl korona sanjym etabynyň tamamlanmagy bilen bu ýurtda tutuşlygyna korona keseliň çäklendiriljekdigine umyt bildirdi.

Tags