Ruhani: Häzirki wagtda öz borjuny ýerine ýetirmek 5 + 1-iň nobatydyr
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i10974-ruhani_häzirki_wagtda_öz_borjuny_ýerine_ýetirmek_5_1_iň_nobatydyr
Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti şu gün eden çykyşynda Eýran ähli borçlaryny ýerine ýetirdi we parahatçylyk isleýär; Häzirki wagtda öz işini we borjuny ýerine ýetirmek üçin 5 + 1 toparyň nobaty geldi diýdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Apr 01, 2021 10:34 Asia/Ashgabat
  • Ruhani: Häzirki wagtda öz borjuny ýerine ýetirmek 5 + 1-iň nobatydyr

Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti şu gün eden çykyşynda Eýran ähli borçlaryny ýerine ýetirdi we parahatçylyk isleýär; Häzirki wagtda öz işini we borjuny ýerine ýetirmek üçin 5 + 1 toparyň nobaty geldi diýdi.

Eýran Press habar gullugynyň habaryna görä, Hasan Ruhani senagat,magdan we söwda  ministrliginiň milli meýilnamalaryny ulanmak dabarasynda eden çykyşynda ahlak, syýasy we taryhy taýdan Eýran halkynyň iň uly buýsanjy, beýleki tarapyň borçlaryny terk edip, borçlaryny bozandygyna garamazdan, bir ýyl garaşmagydyr 1397-nji ýyldan 1398-nji ýylyň Ordibeheşt aýyna çenli garaşdyk we şondan bäri borçlarymyzy azaldyp başladyk diýdi.

Ruhani şeýle-de bu günki gün ABŞ ilki dialogy başlamaly ýa-da Eýran muny ilki etmeli diýýänler bu meselä üns bermelidir olda biz bir ýyl ýadro ylalaşygyň ýüküni götermekde ýeke bolduk soňky iki ýylda ýadro ylalaşygyň esasy ýüki hem Eýranyň üstüne düşdi diýdi.

Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti sözüni dowam erdirip beýik Eýran halky, syýasy, kanuny we ahlak borçlaryny ýerine ýetirýändigini, parahatçylyk we parahatçylykly ýadro çärelerini gözleýändigini dünýä görkezdi diýip beýan etdi.

Ruhani şeýle-de Amerika we Ýewropa her gün gijä galmaklarynyň özlerine zyýanlydygyny bilmelidirler we her gün çaltrak kanunlaryň, kararlaryň we BMG Howpsuzlyk Geňeşiniň 2231-nji kararynyň öňünde boýun egmelidirler we Eýran halkynyň beýikliginiň öňünde pespäl bolmalydyrlar bu olaryň we dünýäniň peýdasyna bolar diýip sözlerine goşdy.

Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti sözleriniň ahyrynda häzirki wagtda, örän oňat ýagdaýda, Rewolýusiýanyň Ýolbaşçysy Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň sanksiýalaryny ýatyrsa, ähli borçnamalarymyza gaýdyp geljekdigimizi aç-açan aýtdy, ýagny, sebit we dünýä üçin ýeňiş gazanýan deňleme, ýöne amerikalylar bu altyn pursatyň gadyryny bilmediler we ulanyp başarmadylar diýdi.