Zarif Merkezi Aziýa gidýär
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i10998-zarif_merkezi_aziýa_gidýär
Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Eýranyň Daşary işler ministriniň Özbegistan, Gyrgyzystan, Gazagystan we Türkmenistan ýurtlaryna sapar etjekdigini habar berdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Apr 02, 2021 15:41 Asia/Ashgabat
  • Zarif Merkezi Aziýa gidýär

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Eýranyň Daşary işler ministriniň Özbegistan, Gyrgyzystan, Gazagystan we Türkmenistan ýurtlaryna sapar etjekdigini habar berdi.

Eýranyň Talyplar Habar Gullugynyň (ISNA) habaryna görä, Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary "Said Hatibzadeh" anna güni twit ýazyp Medeniýet, taryhy we medeni umumylyklar sebiti bolan Merkezi Aziýa bilen gatnaşyklary ösdürmek hemişe Eýranyň ileri tutulýan ugurlaryndan biridir diýdi.

Zarifiň Merkezi Aziýa saparynyň esasy maksady merkezi Aziýa ýurtlary bilen ikitaraplaýyn we sebitleýin hyzmatdaşlyklary ösdürmekdir diýip Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary "Said Hatibzadeh" sözüne goşdy.