Amoui: ýadro ylalaşygyna ädim-ädim gaýdyp gelmek Eýran tarapyndan ret edilýär
(last modified Sat, 03 Apr 2021 13:54:44 GMT )
Apr 03, 2021 18:54 Asia/Ashgabat
  • Amoui: ýadro ylalaşygyna ädim-ädim gaýdyp gelmek Eýran tarapyndan ret edilýär

Eýran parlamentiniň Milli Howpsuzlyk we daşary syýasat Komissiýasynyň metbugat sekretary, Eýran Yslam Respublikasynyň ABŞ-nyň ýadro şertnamasyna ýuwaş-ýuwaşdan gaýdyp gelmegini ret etmek baradaky pozisiýasyna ünsi çekmek bilen Waşington Eýrana ýetirilen zyýanyň öwezini dolmalydyr diýdi.

Fars habar gullugynyň habaryna görä, şenbe güni Eýranyň parlamentiniň Milli howpsuzlyk we daşary syýasat komissiýasynyň metbugat sekretary "Abolfazl Amoui" ABŞ-nyň Eýran bilen baglaşylan ýadro şertnamasyna gaýdyp gelmek meselesine yşarat edip Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň 2018-nji ýylda şertnamadan ýüz öwürendigini we Howpsuzlyk Geňeşiniň 2231-nji kararyny bozandygyny göz öňünde tutup, ýadro şertnamasy boýunça  häzirki krizise jogapkärdir diýdi.

Amoui şeýle-de Eýran ýadro şertnamasynyň 26-njy we 36-njy maddalary boýunça borçnamalaryny kanuny taýdan azaltdy diýmek bilen Eýranyň borçnamalaryny azaltmak boýunça ädimleri kanuny we ýadro şertnamasynyň çäginde, sebäbi Amerikanyň tarapy bu şertnamadan yza çekildi diýip beýan etdi.

Tags