Eýranda koronanyň iň soňky ýagdaýy
Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrliginiň metbugat sekretary: Soňky 24 sagadyň dowamynda korona keselli 172 näsagyň ölmegi bilen ýurtda bu wirusdan ölenleriniň sany 63,332-e ýetdi diýdi.
Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrliginiň metbugat sekretary "Sima Sadat Lari" şu gün beren gürrüňlerinde geçen 24 sagadyň dowamynda kesgitli anyklaýyş ölçeglerine esaslanyp, ýurtda kovid-19 bilen kesellän 13,890 täze hassa tanaldy diýmek bilen şolaryň iki müň 48-siniň keselhanalarda ýatyrlandygyny aýtdy.
Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministrliginiň metbugat sekretary şeýle-de ýurtda kovid-19 näsaglarynyň umumy sany 1,945.964-e ýetdi diýip yglan etdi.
Lari sözüniň dowamynda şu wagta çenli 1,658.978 näsag sagaldy ýa-da keselhanalardan çykaryldy diýip beýan etdi.