Zarif,Gyrgyzystanyň prezidenti bilen gatnaşyklary giňeltmek barada pikir alyşdy
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i11066-zarif_gyrgyzystanyň_prezidenti_bilen_gatnaşyklary_giňeltmek_barada_pikir_alyşdy
Eýranyň Daşary işler ministri we Gyrgyzystanyň prezidenti duşuşyp, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösüşi barada pikir alyşdylar.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Apr 06, 2021 16:56 Asia/Ashgabat
  • Zarif,Gyrgyzystanyň prezidenti bilen gatnaşyklary giňeltmek barada pikir alyşdy

Eýranyň Daşary işler ministri we Gyrgyzystanyň prezidenti duşuşyp, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösüşi barada pikir alyşdylar.

IRNA-nyň habaryna görä, Gyrgyzystanyň resmileri bilen gepleşik geçirmek üçin Bişkekde ýerleşýän Eýranyň Daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarif sişenbe güni Gyrgyzystanyň prezidenti Sadeir Çaparow bilen duşuşyp, özara gyzyklanýan meseleleri ara alyp maslahatlaşdy.

Duşuşykda Zarif Çaparowy Gyrgyzystanyň prezidenti adynda saýlanmagy bilen gutlady, we iki ýurduň arasynda dürli ugurlarda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiligini belläp, ikitaraplaýyn gatnaşyklara üns berenligi üçin minnetdarlyk bildirdi.

Gyrgyzystanyň prezidenti hem Eýran bilen hyzmatdaşlygyň ösdürilmegini nygtap syýasy gatnaşyklaryň bardygyny we iki ýurduň arasynda dowam etmeginiň möhümdigini aýtdy we hyzmatdaşlygyň derejesini ýokarlandyrmak üçin iki tarapyň hem gyzyklanýandygyny aýtdy.

Zarif Merkezi Aziýada gurnan saparynyň dowamynda bişkekden Aşgabada barjakdyr.