Eýranda iň soňky korona statistikasy
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i11074-eýranda_iň_soňky_korona_statistikasy
Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministrliginiň metbugat sekretary: ýurtda 20 954 täze korona hassanyň kesgitlenmegi bilen bir günde hassany kesgitlemek rekordy bozuldy we 24 sagatyň dowamynda kovid 19 keselli 193 hassanyň ölmegi bilen Eýranda bu keselden ölenleriň sany 63,699-a ýetdi diýdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Apr 07, 2021 12:01 Asia/Ashgabat
  • Eýranda iň soňky korona statistikasy

Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministrliginiň metbugat sekretary: ýurtda 20 954 täze korona hassanyň kesgitlenmegi bilen bir günde hassany kesgitlemek rekordy bozuldy we 24 sagatyň dowamynda kovid 19 keselli 193 hassanyň ölmegi bilen Eýranda bu keselden ölenleriň sany 63,699-a ýetdi diýdi.

Sima Sadat Lari sözüniň dowamynda şu gün günortana çenli soňky 24 sagadyň dowamynda ýurtda anyk diagnostika ölçegleri esasynda kovid 19 keseli bolan 20 954 täze hassa tapyldy diýmek bilen şolaryň iki müň 319-siniň keselhanalarda ýatyrlandygyny aýtdy.

Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministrliginiň metbugat sekretary şeýle-de ýurtda kovid-19 näsaglarynyň umumy sany 1,984.348-e ýetdi diýip yglan etdi.

Lari sözüniň dowamynda şu wagta çenli 1,675.891 näsag sagaldy ýa-da keselhanalardan çykaryldy diýip beýan etdi.