Ruhani: Häzirki wagtda ýadro ylalaşygyň janlanmagynyň täze bir döwürine şaýat bolýarys
Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti, şu gün ýadro ylalaşygyň galkynyşynyň täze bir bölegine şaýat bolýarys we ýadro ylalaşyga ygrarly ýurtlaryň hemmesiniň Wenada ýygnanandygyna yşarat edip, Häzirki wagtda ýekeje ses eşidilýär we bu ýadro şertnamasynyň töweregindäkileriň hemmesiniň ýadro şertnamasyndan has gowy çözgüt tapylmajakdygy we ýadro ylalaşygyň doly durmuşa geçirilmeginden başga ýoluň ýokdugy barada netijä gelmekleridir bu bolsa Eýran üçin uly üstünlikdir diýip beýan etdi.
Eýran Press habar gullugynyň habaryna görä, "Hasan Ruhani" çarşenbe güni geçirilen ministrler kabinetinde: Bu hökümetiň abraýlaryndan biri, 97, 98, 99-njy ýyllarda we 1400-nji ýylyň başynda ykdysady urşuň ähli kynçylyklary we basyşlary we iň agyr sanksiýalar bilen ýurdy dolandyrdy bu bir ýagdaýdadyr welin diňe bir dostlarymyz däl-de, eýsem duşmanlarymyz hem iň ýokary basyşyň başa barmandygyny boýun alýarlar diýdi.
Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti, bu üstünligiň halkyň çydamynyň we Rewolýusiýanyň Ýokary Lideriniň ýol görkezmesiniň netijesinde bolandygyny aýtdy.
Ruhani, Eýranyň ýadro işleriniň parahatçylykly tebigatynyň dünýäniň gulagyna ýetendigini aýtmak bilen biz parahatçylykly bolmadyk çäreleri gözlemeýäris diýdi.
Eýranyň prezidenti şeýle-de häzir goşmaça protokolyny durmuşa geçirmeýäris we täze we döwrebap Centrifugžlary ulanýarys diýmegmiz, hemmesi wagtlaýyn işlerimizdir. egerde olar borçnamalaryna gaýdyp gelseler, ähli borçlarymyza gaýdyp geleris diýdi.
Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti, ýadro tehnologiýasynyň ýyl dönümi bolan Farwardiniň 20-nji gününe yşarat edip, biz Farwardiniň 21-nji gününde açylyş dabaralarymyz bolar we adamlara geçen ýyldan bäri görülýän möhüm çäreler barada habar berler we onlarça möhüm taslamanyň durmuşa geçiriljekdigini görerler diýip beýan etdi.