Ruhani : döwletiň ädimleri, Yslam Rewolýusiýasynyň Ýokary Lideriniň teklipleriniň çägindedir
Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti, döwletiň ädiminiň Yslam Rewolýusiýasynyň Ýolbaşçysynyň teklipleriniň we maslahatlarynyň çäginde bolandygyny aýtdy.
IRNA-nyň habaryna görä, Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Hasan Ruhani şu gün, ýekşenbe güni döwletiň ykdysady utgaşdyryş merkeziniň 216-njy ýygnagynda Geçen ýylda (1399-njy ýyl) önümçilik badalgasy şygary yhlas bilen taslamalaryň wagtynda we meýilnamalar boýunça amala aşyrylandygyny nygtady.
Ruhani sözüniň dowamynda şeýle-de Yslam Rewolýusiýasynyň Ýolbaşçysynyň ünsi we teklipleriniň çäginde ähli guramalar bu ugurdaky borçlaryny ýerine ýetirmeli we öz döwletiniň işiniň we jogapkärçiliginiň soňky gününe çenli bu meseläni ileri tutjakdygyny beýan etdi.
Eýranyň prezidenti şeýle-de önümçilige goldaw we kynçylyklary ýok etmek ýyly diýlip yglan edilen üstümizdäki 1400-nji ýylda hem döwletiň ähli tagallasynyň ösüşiň garşysyndaky päsgelçilikleri aýyrmak boljakdygyny aýtdy.