Jahangiri: Günorta Koreýa Eýranyň walýuta çeşmelerini gysga wagtda boşatsyn
(last modified Sun, 11 Apr 2021 17:28:20 GMT )
Apr 11, 2021 22:28 Asia/Ashgabat
  • Jahangiri: Günorta Koreýa Eýranyň walýuta çeşmelerini gysga wagtda boşatsyn

Eýranyň prezidentiniň birinji orunbasary Günorta Koreýanyň hökümetiniň Eýranyň walýuta çeşmelerini gysga wagtda boşatmalydygyny aýtdy.

IRNA habar gullugynyň habaryna görä, Eýranyň prezidentiniň birinji orunbasary "Yshak Jahangiri" şu gün, Günorta Koreýanyň premýer-ministri Çaň Sai Keun bilen Tähranda geçirilen metbugat ýygnagynda Koreýa banklarynyň Eýranyň walýuta çeşmelerini petiklemekdäki çäresi Koreýanyň Eýran halkynyň arasyndaky abraýyna we ornuna zeper ýetirdi diýip yglan etdi.

Jahangiri sözüniň dowamynda Koreýa banklarynyň Eýranyň walýuta çeşmelerini petiklemek baradaky işleri bir ýagdaýdadyr welin, Eýran halky bolsa korona şertleri we onuň ykdysady we saglyk netijeleri sebäpli bu walýuta çeşmelerine gaty mätäçdir diýdi.

Jahangiri şeýle-de Günorta Koreýanyň bu hereketi Eýran döwletini, lukmançylyk enjamlaryny, dermanlary we ýurduň beýleki esasy zerurlyklaryny satyn almak üçin esasy walýuta çeşmelerinden mahrum edendir diýip beýan etdi.

Eýranyň prezidentiniň birinji orunbasary sözüniň ýene bir bölüminde Eýran we Günorta Koreýa, Günbatar we Gündogar Aziýanyň iki Aziýa döwleti hökmünde ykdysady ugurda goşmaça rol oýnaýarlar diýdi.

Günorta Koreýanyň premýer-ministri şu gün Tährana geldi. Çaň Si Kyun, Eýranyň prezidenti Hasan Ruhani bilen hem duşuşar.