Ertir çarşenbe, Eýranda mukaddes Remezan aýynyň ilkinji güni
Yslam Ynkylabypnyň Mertebesi Belent Ýolbaşçysynyň täze dogan aýy gözläp tapmak boýunça merkeziniň yglan etmegine görä, Ertir çarşenbe, Eýranda 1442-nji(hg) ýyldan mukaddes Remezan aýynyň ilkinji günidir.
şu gün habarçymyzyň beren habaryna görä, ýurt boýunça Yslam Rewolýusiýasynyň Ýolbaşçysynyň edarasynyň gözegçilik toparlarynyň hasabatlary boýunça Remezan aýynyň täze dogulan aýy, duşenbe güni agşam görünmedi.
Şonuň üçin Şaban ýa-da şol Meret aýy 30 gün bolup, ertir, çarşenbe (1400-nji ýylyň 25-nji Farwardini), Eýranda 1442-nji ýylyň mukaddes Remezan aýynyň ilkinji güni bolar.
Eýranyň ýokary derejeli resmileri aýry aýry sargytlar boýunça mukaddes Remezan aýynyň gelip ýetmegini dünýä musulmanlaryna gutladylar.