Zarif : Ýadro desgalaryny bilkastlaýyn nyşana almak uruş jenaýatydyr
Eýranyň Daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarif BMG-nyň Baş sekretary Antonio Guterrese Natanz baýlaşdyryş merkezinde ýüze çykan ýadro terrorçylygy barada hat ýazyp, goragly we pademanyň çägindäki ýadro desgalarynyň birini bilkastlaýyn nyşana almak uruş jenaýatydyr diýdi.
Duşenbe güni agşam IRNA-nyň habaryna görä, Zarif bu sargydynda şeýle-de goralýan ýadro desgalarynyň biriniň bilkastlaýyn nyşana alynmagy - radioaktiw materiallaryň global syzmak howpy bilen ýadro terrorçylygy we uruş jenaýatydygyny ýazdy.
Eýranyň Daşary işler ministri şeýle-de Ysraýyl režimi Amerikada geçirilen saýlawlardan soň ýadro ylalaşygyň gaýtadan dikeldilmeginiň öňüni almak üçin çäre görjekdigi bilen haýbat atypdy we häzirki wagtda ony görkezdi diýdi.
Zarif şeýle-de sözüniň dowamynda Amerika bu samsyk gumar oýunlarynyň netijeleriniň öňüni almak isleýän bolsa, Trump tarapyndan amala aşyrylan ykdysady terrorçylygy ýa-da soňky ýadro terrorçylygyny gepleşiklerde gural hökmünde ulanmagy bes etmelidir we ýadro ylalaşygy durmuşa geçirileli bäri girizilen, gaýtadan girizilen we adyny üýtgeden ähli sanksiýalaryny ýatyrmalydyr diýdi.
Ýekşenbe güni irden Natanz baýlaşdyryş desgasynyň elektrik paýlaýyş ulgamynyň bir böleginde bir hadysa ýüze çykdy.
Natanz ýadro desgasy geçmişde hem Amerika-Ysraýyl bilelikdäki kiber hüjümleriniň nyşany bolupdy.