Yslam rewolýusiýasynyň ýokary ýolbaşçysynyň goşun güni mynasybetli iberen haty
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i11200-yslam_rewolýusiýasynyň_ýokary_ýolbaşçysynyň_goşun_güni_mynasybetli_iberen_haty
Yslam rewolýusiýasynyň ýokary lideri goşun güni mynasybetli eden ýüzlenmesinde goşun el-mydama sahnada we tabşyrygy ýerine ýetirmäge taýyndir diýip nygtadylar.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Apr 17, 2021 10:47 Asia/Ashgabat
  • Yslam rewolýusiýasynyň ýokary ýolbaşçysynyň goşun güni mynasybetli iberen haty

Yslam rewolýusiýasynyň ýokary lideri goşun güni mynasybetli eden ýüzlenmesinde goşun el-mydama sahnada we tabşyrygy ýerine ýetirmäge taýyndir diýip nygtadylar.

Ýokary ýolbaşçynyň edarasynyň Maglumat bazasynyň habaryna görä, Yslam rewolýusiýasynyň ýokary lideri Aýatolla Hamenei hezretleri, goşunyň ýyl dönümine we gury ýer güýçleriniň epiki döredijiligine bagyşlanan ýüzlenmelerinde Eýran Yslam Respublikasynyň goşunynyň baş serkerdesi general-maýor Seýed Abdolrahim Musawi-e garap goşun meýdanda we tabşyrygy ýerine ýetirmäge taýyndir diýmek bilen zerur bolan ýerine çenli taýýarlygy artdyryň we rol oýnaň diýip nygtadylar.

Eýranyň bütin ýaragly güýçleriň ýokary serkerdesi şeýle hem, goşun işgärlerine we ýaragly güýçleriň maşgalalaryna minnetdarlyk bildirdiler.