Ruhani Brigada generaly Hejaziniň aradan çykmagy bilen baglanyşykly gynanç bildirdi
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i11234-ruhani_brigada_generaly_hejaziniň_aradan_çykmagy_bilen_baglanyşykly_gynanç_bildirdi
Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti öz ýüzlenmesinde Yslam Rewolýusiýasynyň Sepah Pasdaranynyň Kuds güýçleriniň serkerdebaşynyň orunbasary general Seýed Muhammet Hosseinzadeh Hejaziniň, aradan çykmagyna gynanç bildirdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Apr 19, 2021 11:03 Asia/Ashgabat
  • Ruhani Brigada generaly Hejaziniň aradan çykmagy bilen baglanyşykly gynanç bildirdi

Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti öz ýüzlenmesinde Yslam Rewolýusiýasynyň Sepah Pasdaranynyň Kuds güýçleriniň serkerdebaşynyň orunbasary general Seýed Muhammet Hosseinzadeh Hejaziniň, aradan çykmagyna gynanç bildirdi.

Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Hasan Ruhaniniň bu ýüzlenmesinde, bu jan aýamaz we wepaly serkerde bütin ömrüni dürli berkitmelerde, esasanam mukaddes goranmak döwründe, soňra bolsa dürli wezipelerde gulluk edip, Yslam rewolýusiýasynyň ýokary gymmatlyklaryny goramaga we Yslam watanyna hyzmat etmäge bagyş etdi diýip nygtady.

Ruhani sözüni dowam etdirip men hem öz paýyma görä, bu ajy wakany Bütin Ýaragly Güýçleriň Baş Serkerdebaşyna, Eýranyň abraýly halkyna, Yslam Ynkylabynyň Sepah Pasdaranyna we ähli ýakynlaryna, esasanam merhumyň maşgalasyna gynanç bildirýärin we bu mübärek aýda, Gudratygüýçli Alladan şehit bolan ýaranlary bilen goňşuçylyk etmegini we aman galanlaryň hemmesine sabyr we saglyk soraýaryn diýdi.

Eýranyň kazyýet güýjüniň başlygy "Seýid Ybraýym Raisi", Eýranyň mejlis başlygy  "Muhammet Baker Galibaf", Eýranyň Ýaragly Güýçleriniň Baş sekretary General-maýor "Muhammet Bagheri" we Yslam Ynkylabynyň Sepah Pasdaran güýjüniň başlygy General-maýor Huseýin Salami hem aýry-aýry sargytlar boýunça serar Seýed Muhammet Hosseinzadeh Hejaziniň, aradan çykmagyna gynanç bildirdiler.