Eýranda koronanyň iň soňky ýagdaýy
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i11236-eýranda_koronanyň_iň_soňky_ýagdaýy
Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministrligi soňky 24 sagadyň dowamynda korona keseli bolan 398 näsagyň ölmegi bilen ýurtda bu wirusdan ölenleriň sany 67,130 adama ýetdi diýip yglan etdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Apr 19, 2021 11:31 Asia/Ashgabat
  • Eýranda koronanyň iň soňky ýagdaýy

Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministrligi soňky 24 sagadyň dowamynda korona keseli bolan 398 näsagyň ölmegi bilen ýurtda bu wirusdan ölenleriň sany 67,130 adama ýetdi diýip yglan etdi.

IRNA habarlar gullugynyň beren habaryna görä, Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrligi şu gün bir bildiriş boýunça ýurtda korona keselleriniň we ölümleriň soňky statistikasyny yglan etmek bilen geçen 24 sagatyň boýunda anyk anyklaýyş ölçeglerine esaslanyp, ýurtda kovid-19 bilen kesellän 24 müň 346 täze hassa tapyldy, şolardan 3 901-si keselhanalarda ýerleşdirildi diýip yglan etdi.

Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrligi bu bildirişde şeýle-de kovid-19 hassasynyň ýurtdaky umumy sany 2 million 261 müň 435 adama ýetdi diýip habar berdi.

Bu ministrlik şeýle-de şu wagta çenli 1,797,319 näsag sagaldy ýa-da keselhanalardan çykaryldy diýip sözüne goşdy.

Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrligi şeýle hem şu wagta çenli ýurtda 14 million 500 müň 519 "Covid-19" anyklaýyş synagynyň geçirilendigini habar berdi.