Hatibzadeh: Wenada Eýran bilen Amerikanyň arasynda hiç hilli gepleşik ýokdyr
Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Wenada Eýran bilen Amerikanyň arasynda göni ýa-da gytaklaýyn gepleşigiň ýokdugyny aýtdy.
"Said Hatibzadeh" hepdäniň duşenbe güni geçirilen metbugat ýygnagynda Eýran Press habar gullugynyň ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýdeniň Wenada gytaklaýyn Eýran-ABŞ gepleşikleriniň geçirilýändigi baradaky aýdan soragyna jogap höküminde Wenada bolup geçýän zatlar, Bilelikdäki komissiýanyň çägindäki gepleşiklerdir diýdi.
Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary, Amerikanyň Birleşen Ştatlary, Eýranyň ähli hereketleriniň ýadro ylalaşygyň çäginde edilendigini hemmelerden gowy bilýär diýmek bilen bu hereketler diňe Amerikanyň Eýrana garşy ähli sanksiýalary ýatyranda we soň bolsa tassyklanmagyndan soňra bes ediler diýdi.
Hatibzadeh, şeýle hem, Pakistanyň Daşary işler ministriniň Tährana boljak sapary barada bu sapar möhümdyr we Eýran bilen Päkistanyň arasyndaky gatnaşyklar we hyzmatdaşlyk çuňňur we giňdir diýdi.