Galibaf: Sepah Pasdaran döredilen gününden bäri halkyň iň güýçli goldawçysy bolandyr
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i11292-galibaf_sepah_pasdaran_döredilen_gününden_bäri_halkyň_iň_güýçli_goldawçysy_bolandyr
Eýranyň mejlis başlygy Yslam Ynkylabynyň Sepah Pasdaran güýji döredilen gününden bäri islendik meselede we kynçylykda halkyň iň güýçli goldawçysy bolandyr diýdi.
(last modified 2021-12-27T10:31:41+00:00 )
Apr 23, 2021 16:05 Asia/Ashgabat
  • Galibaf: Sepah Pasdaran döredilen gününden bäri halkyň iň güýçli goldawçysy bolandyr

Eýranyň mejlis başlygy Yslam Ynkylabynyň Sepah Pasdaran güýji döredilen gününden bäri islendik meselede we kynçylykda halkyň iň güýçli goldawçysy bolandyr diýdi.

Eýranyň mejlis başlygy Muhammet Bager Galibaf twitter sahypasynda, "Ynkylap goragçylary döredilen gününden bäri suw joşmalaryndan, ýer titremelerinden, kesellerden söweşe we duşmanyň tarapyndan abanýan howplaryna çenli her bir meselede halkyň iň güýçli goldawçysy bolandyr diýip ýazdy."

Eýranyň mejlis başlygy sözüni dowam etdirip "Jahanara, Harazi, Bageri, Bakri, Hemmat, Kazemi, Soleimani we ş.m. ýaly gahrymanlaryň edermenligi baradaky ýazgy eger Sepah bolmadyk bolsa ýurt hem bolmazdy diýen meseläni açyk subut edýär diýip beýan etdi".

Eýranyň Sepah Pasdaran güýji Ymam Homeýni(ra) Hezretleriniň buýrugy bilen 1979-njy ýylyň 22-nji Aprelinda döredildi.