Zarif: Yragyň sebitdäki möhüm ornuny garşy alýarys
Apr 27, 2021 10:27 Asia/Ashgabat
Yragyň resmileri we şahsyýetleri bilen bolan duşuşyklaryna we gepleşiklerine salgylanyp, Eýranyň Daşary işler ministri twitter hasabynda şeýle ýazdy: Yragyň sebitdäki möhüm ornuny gaşy alýarys.
IRNA-nyň habaryna görä, Muhammet Jawad Zarif sişenbe güni Twitterde Yrakda Prezident Barham Saleh, premýer-ministr Mustafa al-Kazemi, Mejlisiň başlygy Muhammet al-Halbousi, Daşary işler ministri Fouad Huseýn we sünni we şaýy ýolbaşçylary bilen ýokary derejeli gepleşikleri geçirendigini we bu meseläniň Eýranyň goňşulary barada ileri tutýan birinji meselesidigini ýazdy.
Eýranyň Daşary işler ministri sözüniň dowamynda Yragyň sebitdäki möhüm ornuny goldaýarys diýdi.