Zarif, Ummanyň soltanynyň orunbasary bilen duşuşyp gürrüň etdi
Ummanyň soltanynyň orunbasary bilen bolan duşuşygynda Eýranyň Daşary işler ministri iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklardaky soňky wakalar we sebitara gyzyklanma döredýän sebit meselelerini ara alyp maslahatlaşdy.
"Mehr" habar gullugynyň habaryna görä, çarşenbe güni Eýranyň Daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarif, Ummanyň soltanynyň orunbasary Fahd bin Mahmud Al Said bilen Maskatda duşuşdy.
Ummanyň soltanynyň orunbasary Fahd bin Mahmud Al Said bilen bolan duşuşygynda Eýranyň Daşary işler ministri iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklardaky soňky wakalary, şeýle hem sebitara gyzyklanma döredýän sebit meselelerini ara alyp maslahatlaşdy.
Duşuşykda iki tarap Eýran-Oman gatnaşyklarynyň giňelmegini we bar bolan päsgelçilikleri aýyrmak kararyna gelendigini aýtdylar.