Eýranda koronanyň iň soňky ýagdaýy
Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministrligi soňky 24 sagadyň dowamynda korona keseli bolan 385 näsagyň ölmegi bilen ýurtda bu wirusdan ölenleriň sany 71,351 adama ýetdi diýip yglan etdi.
Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministrliginiň Jemgyýetçilik gatnaşyklary merkezi şu gün bir bildiriş boýunça ýurtda korona keselleriniň we ölümleriň soňky statistikasyny yglan etmek bilen geçen 24 sagatyň boýunda anyk anyklaýyş ölçeglerine esaslanyp, ýurtda kovid-19 bilen kesellän 19 müň 889 täze hassa tapyldy, şolardan 3 müň 53-si keselhanalarda ýerleşdirildi diýip yglan etdi.
Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrligi bu bildirişde şeýle-de kovid-19 hassasynyň ýurtdaky umumy sany 2 million 479 müň 805 adama ýetdi diýip habar berdi.
Bu ministrlik şeýle-de şu wagta çenli 1,938,64 näsag sagaldy ýa-da keselhanalardan çykaryldy diýip sözüne goşdy.
Resmi maglumatlara görä, koronawirus dünýäde 150 milliondan gowrak adama ýokaşandyr we 3 million 165 müňden gowrak adam bu keselden ölendir.