Waezi: Ýadro ylalaşygyň bilelikdäki komissiýasynyň mejlisinde gaty gowy ädimler ädildi
Eýran Yslam Respublikasynyň Prezident gullugynyň başlygy şu wagta çenli ýadro ylalaşygyň bilelikdäki komissiýasynyň mejlisinde gaty gowy ädimleriň ädilendigini aýtdy.
IRNA-nyň habaryna görä, Eýran Yslam Respublikasynyň Prezident gullugynyň başlygy "Mahmud waezi" penşenbe güni beren gürrüňlerinde Wena gepleşiklerini çylşyrymly hasaplamak bilen şu wagta çenli edilen işler umyt dörediji we şu wagta çenli gaty gowy ädimler ädildi diýip nygtady.
Waezi şeýle-de Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň içindäki ekstremistler we sionist režim bu gepleşikleriň şowsuz bolmagyny we netijesiz galmagyny isleýärler diýmek bilen sebitdäki käbir ýurtlar hem muňa eýerýärler emma gepleşikleriň has ir tamamlanmagy we oňýn netijelere ýetmegi üçin biziň tagalla etmegimiz möhümdir diýdi.
Eýran Yslam Respublikasynyň Prezident gullugynyň başlygy sanksiýalaryň gysga wagtda ýatyrylmagynyň hemmeleriň bähbidine boljakdygyna yşarat edip, Eýran döwletiniň Wena gepleşiklerinde alyp barýan syýasaty, howlukmasyzlyk we pursatlary ýitirmezlikdir diýdi.
Ýadro Ylalaşygyň Bilelikdäki komissiýasynyň gepleşikleriň üçünji tapgyry sişenbe güni Wenada başlandy we ýygnaga gatnaşyjylar gepleşik etabyny çaltlaşdyrmagyň zerurdygyny aýtdylar.