Waezi: Ýadro ylalaşygyň bilelikdäki komissiýasynyň mejlisinde gaty gowy ädimler ädildi
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i11382-waezi_Ýadro_ylalaşygyň_bilelikdäki_komissiýasynyň_mejlisinde_gaty_gowy_ädimler_ädildi
Eýran Yslam Respublikasynyň Prezident gullugynyň başlygy şu wagta çenli ýadro ylalaşygyň bilelikdäki komissiýasynyň mejlisinde gaty gowy ädimleriň ädilendigini aýtdy.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Apr 29, 2021 12:08 Asia/Ashgabat
  • Waezi: Ýadro ylalaşygyň bilelikdäki komissiýasynyň mejlisinde gaty gowy ädimler ädildi

Eýran Yslam Respublikasynyň Prezident gullugynyň başlygy şu wagta çenli ýadro ylalaşygyň bilelikdäki komissiýasynyň mejlisinde gaty gowy ädimleriň ädilendigini aýtdy.

IRNA-nyň habaryna görä, Eýran Yslam Respublikasynyň Prezident gullugynyň başlygy "Mahmud waezi" penşenbe güni beren gürrüňlerinde Wena gepleşiklerini çylşyrymly hasaplamak bilen şu wagta çenli edilen işler umyt dörediji we şu wagta çenli gaty gowy ädimler ädildi diýip nygtady.

Waezi şeýle-de Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň içindäki ekstremistler we sionist  režim bu gepleşikleriň şowsuz bolmagyny we netijesiz galmagyny isleýärler diýmek bilen sebitdäki käbir ýurtlar hem muňa eýerýärler emma gepleşikleriň has ir tamamlanmagy we oňýn netijelere ýetmegi üçin biziň tagalla etmegimiz möhümdir diýdi.

Eýran Yslam Respublikasynyň Prezident gullugynyň başlygy sanksiýalaryň gysga wagtda ýatyrylmagynyň hemmeleriň bähbidine boljakdygyna yşarat edip, Eýran döwletiniň Wena gepleşiklerinde alyp barýan syýasaty, howlukmasyzlyk we pursatlary ýitirmezlikdir diýdi.

Ýadro Ylalaşygyň Bilelikdäki komissiýasynyň gepleşikleriň üçünji tapgyry sişenbe güni Wenada başlandy we ýygnaga gatnaşyjylar gepleşik etabyny çaltlaşdyrmagyň zerurdygyny aýtdylar.