Zarif Kuweýtiň premýer-ministri bilen duşuşdy we maslahatlaşdy
Apr 29, 2021 16:48 Asia/Ashgabat
Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri Kuweýtdäki sapary wagtynda bu ýurduň premýer-ministri bilen duşuşdy.
Fars habar gullugynyň habaryna görä, sebite saparynyň dördünji nokady bolan Kuweýtde ýerleşýän Eýranyň Daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarif penşenbe güni Kuweýtiň premýer-ministri Şeýh Sabah Al-Halid Al-Hamad Al-Sabah bilen duşuşdy. Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Said Hatibzadeh, Zarifiň Kuweýtdäki sapary wagtynda Kuweýt resmileri bilen duşuşjakdygyny we ikitaraplaýyn meseleler we sebitdäki wakalar barada pikir alyşjakdygyny aýtdy.