Eýranda koronanyň iň soňky ýagdaýy
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i11404-eýranda_koronanyň_iň_soňky_ýagdaýy
Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministrligi soňky 24 sagadyň dowamynda korona keseli bolan 332 näsagyň ölmegi bilen ýurtda bu wirusdan ölenleriň sany 72,90 adama ýetdi diýip yglan etdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
May 01, 2021 13:58 Asia/Ashgabat
  • Eýranda koronanyň iň soňky ýagdaýy

Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministrligi soňky 24 sagadyň dowamynda korona keseli bolan 332 näsagyň ölmegi bilen ýurtda bu wirusdan ölenleriň sany 72,90 adama ýetdi diýip yglan etdi.

Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministrliginiň Jemgyýetçilik gatnaşyklary merkezi şu gün bir bildiriş boýunça ýurtda korona keselleriniň we ölümleriň soňky statistikasyny yglan etmek bilen geçen 24 sagatyň boýunda anyk anyklaýyş ölçeglerine esaslanyp, ýurtda kovid-19 bilen kesellän 17 müň 80 täze hassa tapyldy, şolardan 2 müň 390-si keselhanalarda ýerleşdirildi diýip yglan etdi.

Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrligi bu bildirişde şeýle-de kovid-19 hassasynyň ýurtdaky umumy sany 2 million 516 müň 157 adama ýetdi diýip habar berdi.

Bu ministrlik şeýle-de şu wagta çenli 1,971,64 näsag sagaldy ýa-da keselhanalardan çykaryldy diýip sözüne goşdy.

Bu habara görä, şu wagta çenli Eýranda "Covid-19" keselini anyklamak üçin 15 million 961 müň 178 synag geçirildi.