Raisi: Serdar Soleimani duşmanlara garşy köp ýeňişleriň çeşmesi bolandyr
Eýranyň kazyýet güýjüniň başlygy, Serdar Şehit Haj "Gasem Soleimani" duşmanlara garşy köp sanly ýeňişleriň we üstünliginiň çeşmesi bolandyr diýdi.
Eýranyň kazyýet güýjüniň başlygy hojjatoleslam wäl muslemin" Seýed Ybrahim Raisi duşenbe güni Eýranyň Kazyýetiniň ýokary geňeşiniň hepdelik ýygnagynda beren gürrüňlerinde, General Haj Gasem Soleimani bir täsirli serkerde, şahsyýet we adamdy, ilki başda özüni gazandy, soň bolsa Yslam dünýäsinde köp mümkinçilikleri döredip bildi diýdi.
Yslam Ynkylabynyň Sepah Pasdaranynyň Kuds güýçleriniň serkerdesi general Gasem Soleimani we Yragyň Halk Mobilizasiýasynyň (Al-Haşd al-Şabi) başlygynyň orunbasary Abu Mahdi al-Mohandes we başga-da sekiz adam 2020-nji ýylyň 3-nji ýanwarynda Bagdadyň howa menziliniň golaýynda Amerikanyň terrorçy güýçleri tarapyndan edilen howa hüjüminde şehit boldylar.