Sionist harbylary "Nablus" -a hüjüm edýärler
Habar beriş serişdeleri Sionist režimiň güýçleriniň Günbatar Şeriýanyň günortasyndaky Nablus şäherine eden hüjümini habar berdiler.
Duşenbe güni Al-Ahyd habarlar gullugynyň beren habaryna görä, Sionist goşununyň Nablus şäherine garşy hüjümi Palestina çydam güýçleriniň Nablus şäheriniň günortasyndaky operasiýasyndan we birnäçe sionistleriň ýaralanmagyndan soň bolup geçdi.
Ýerli çeşmeleriň yglan etmeklerine görä, sionistler Nablus şäherine edilen hüjümden soň palestinalylar bilen çaknyşyp, palestina raýatlaryna garşy uruş okyny we göz ýaşardyjy gaz ulanypdyr.
Palestinanyň Saglygy goraýyş ministrligi beren beýanatynda Nablusdaky çaknyşykda birnäçe palestinalynyň agyr ýaralanandygyny aýtdy.
Nablus şäherine edilen hüjümde sionist harbylar tarapyndan birnäçe palestinaly tussag edildi.
Ýekşenbe güni agşam, Palestina çydam güýçleri Iordan derýasynyň günbatar kenaryndaky Nablusdaky Zätara atly barlag nokadyna ot açyp, üç sany sionist esgerini ýaraladylar.