Eýranda iň soňky korona statistikasy
Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrligi ýurtda korona wirusy sebäpli 391 adamyň ölendigini habar berdi.
Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrligi duşenbe güni beren beýanatynda soňky 24 sagatda 391 kovid-19 hassasynyň ölendigini we ölenleriň umumy sanynyň 72,875-e ýetendigini aýtdy.
Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministrligi şeýle hem 1,266.369 adamyň korona sanjymynyň ilkinji dozasyny, 225,530 adamyň ikinji dozany alandygyny we ýurtda sanjymlaryň umumy sanynyň 1 251 bolandygyny habar berdi.
Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministrliginiň Jemgyýetçilik gatnaşyklary merkezi şu gün bir bildiriş boýunça ýurtda korona keselleriniň we ölümleriň soňky statistikasyny yglan etmek bilen geçen 24 sagatyň boýunda anyk anyklaýyş ölçeglerine esaslanyp, ýurtda kovid-19 bilen kesellän 20 müň 732 täze hassa tapyldy, şolardan 3 müň 9-si keselhanalarda ýerleşdirildi diýip yglan etdi.
Bu ministrlik şeýle-de şu wagta çenli 2,004,949 näsag sagaldy ýa-da keselhanalardan çykaryldy diýip sözüne goşdy.
Bu habara görä, şu wagta çenli Eýranda 16 million 240 müň 345 korona anyklaýyş synaglary geçirildi.