Yslam Ynkylabynyň ýolbaşçysynyň Halkara Kuds güni etjek çykyşy
Yslam ýaýradyşlar boýunça utgaşdyryjy geňeşiniň başlygynyň orunbasary, Halkara Kuds gününde Rewolýusiýanyň Ýolbaşçysynyň çykyşyny yglan etdi.
IRNA habarlar gullugynyň beren habaryna görä, Yslam ýaýradyşlar boýunça utgaşdyryjy geňeşiniň başlygynyň orunbasary "Nusratullah Lotfi" Halkara Kuds gününi bellemek üçin duşenbe güni metbugat ýygnagynda beren gürrüňlerinde Yslam rewolýusiýasynyň ýokary lideriniň anna güni (7-njy maý) sagat 11-de Eýranyň we Yslam dünýäsiniň halkyna ýüzlenip gürrüň berjekdigini yglan etdi.
Lotfi sözüniň dowamynda Rewolýusiýanyň Ýolbaşçysynyň çykyşy Eýranyň içerki we daşary ýurtlar boýunça ulgamlarynda göni suratda efire beriler diýip nygtady.
Mukaddes Remezan aýynyň soňky anna güni, Eýran Yslam Respublikasynyň düýbüni tutujy Ymam Homeýni(ra)niň başlangyjy bilen Halkara Kuds güni diýlip atlandyryldy.
2021-nji ýylyň 7-nji maýy 1442-nji ýylyň Remezan aýynyň 24-i, Halkara Kuds gününe gabat gelýär.