Geljekki iki aýyň dowamynda Eýranda "Sputnik V" sanjymy öndürilip başlanýar
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i11440-geljekki_iki_aýyň_dowamynda_eýranda_sputnik_v_sanjymy_öndürilip_başlanýar
Eýranyň Azyk we derman dolandyryş gullugynyň metbugat sekretary, ýakyn iki aýyň içinde Eýranda Sputnik V korona sanjymynyň öndürilip başlanjakdygyny habar berdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
May 04, 2021 07:33 Asia/Ashgabat
  • Geljekki iki aýyň dowamynda Eýranda

Eýranyň Azyk we derman dolandyryş gullugynyň metbugat sekretary, ýakyn iki aýyň içinde Eýranda Sputnik V korona sanjymynyň öndürilip başlanjakdygyny habar berdi.

Tele-Radio habar gullugynyň sişenbe güni beren habaryna görä; Eýranyň Azyk we neşe serişdeleriniň dolandyryş gullugynyň metbugat sekretary Kianoş Jahanpour: "Sputnik V sanjymyny öndürmek üçin dört eýran kompaniýasy isleg bildirdi we üç kompaniýa rus tarapa teklip edildi" -diýdi.

Jahanpour sözüniň dowamynda "Geljekki iki aýda, Eýranda öndürilen" Sputnik V "-iň ilkinji önümi ýurtda korona garşy sanjymlarda ulanylar diýip yglan etdi.