Geljekki iki aýyň dowamynda Eýranda "Sputnik V" sanjymy öndürilip başlanýar
May 04, 2021 07:33 Asia/Ashgabat
Eýranyň Azyk we derman dolandyryş gullugynyň metbugat sekretary, ýakyn iki aýyň içinde Eýranda Sputnik V korona sanjymynyň öndürilip başlanjakdygyny habar berdi.
Tele-Radio habar gullugynyň sişenbe güni beren habaryna görä; Eýranyň Azyk we neşe serişdeleriniň dolandyryş gullugynyň metbugat sekretary Kianoş Jahanpour: "Sputnik V sanjymyny öndürmek üçin dört eýran kompaniýasy isleg bildirdi we üç kompaniýa rus tarapa teklip edildi" -diýdi.
Jahanpour sözüniň dowamynda "Geljekki iki aýda, Eýranda öndürilen" Sputnik V "-iň ilkinji önümi ýurtda korona garşy sanjymlarda ulanylar diýip yglan etdi.