Amir Abdollahian: Eýran Palestina halkyny berk goldaýar
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i11448-amir_abdollahian_eýran_palestina_halkyny_berk_goldaýar
Eýranyň mejlis başlygynyň halkara gatnaşyklary boýunça ýörite kömekçisi, sionistleriň şu gün çykgynsyz ýagdaýa gelendigini aýtmak bilen Eýran Yslam Respublikasy çydam okuna we palestina halkyna güýç we gaýrat bilen goldaw bermegini buýsanç bilen yglan edýär diýdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
May 05, 2021 09:28 Asia/Ashgabat
  • Amir Abdollahian: Eýran Palestina halkyny berk goldaýar

Eýranyň mejlis başlygynyň halkara gatnaşyklary boýunça ýörite kömekçisi, sionistleriň şu gün çykgynsyz ýagdaýa gelendigini aýtmak bilen Eýran Yslam Respublikasy çydam okuna we palestina halkyna güýç we gaýrat bilen goldaw bermegini buýsanç bilen yglan edýär diýdi.

EýranPress habar gullugynyň habaryna görä, "Huseýin Amir-Abdollahian"  Halkara Kuds güni mynasybetli Mukaddes Kuds atly Ikinji Halkara Kongresinde beren gürrüňlerinde Halkara Kuds gününiň gelip ýetmegini gutlap Kuds güni şu ýyl sionistleriň soňky günlerde basyp alnan ýerlerde ýyldyrym ýaly zarbalara şaýat bolan ýagdaýynda belleniler diýmek bilen; Bu zarbalar çydamyň gahar-gazabynyň sionistleriň sebitdäki bidüzgünçiliklerine, agressiýalaryna we howpsyz hereketlerine garşy kiçijik bölegi bolan zarbalarydyr diýip beýan etdi.

Amir Abdollahian sözüniň dowamynda  Arap ýurtlarynyň az sanly hökümdary bilen gatnaşyklaryň kadalaşmagy sionistleriň güýjüniň alamaty däl-de eýsem Has dogrusy, sionistleriň ejizlikleri sebäpli sionist režimiň çalt azalýan we pese gaçýan ýagdaýyny durnuklaşdyrmaga çalyşýandygyny görkezýändir diýdi.

Sionistler nirede aýak bassalar, howpdan we bidüzgünçilikden başga netijesi bolan däldir diýip Amir Abdollahian aýtdy.

Mukaddes Kudsyň Ikinji Halkara Gurultaýy "Mukaddes Kuds" şygary bilen sişenbe Eýrandan, Palestinden, Malaýziýadan, Hindistandan, Owganystandan, Päkistandan, Fransiýadan, Argentinadan, Yrakdan, Türkiýeden, Çiliden, BAE-den, Liwandan, Siriýadan, Angliýadan, Kanadadan we Tunisden 30 sany ylmy we medeni işgäriň gatnaşmaklary bilen Tähranyň günortasynda ýerleşýän Gum şäherinde başlandy.