Eýranyň goranmak ministrligi: Kudsyň azat edilmegine dünýä tomaşa eder
May 06, 2021 09:13 Asia/Ashgabat
Eýran Yslam Respublikasynyň ýaragly Güýçleriniň Goranmak we Goldaw ministrligi, Bütindünýä Kuds güni mynasybetli eden çykyşynda ýakyn wagtda dünýä ähliniň Kuds azatlygynyň baýramçylygyny tomaşa etjekdigini habar berdi.
IRNA habar gullugynyň habaryna görä, Eýran Yslam Respublikasynyň ýaragly Güýçleriniň Goranmak we Goldaw ministrligi Halkara Kuds gününi Yslam dünýäsiniň tekepbir režimiň we basyp alyjy sionizme garşy güýjüni görkezmek üçin ajaýyp pursat diýip häsiýetlendirmek bilen ýakyn geljekde dünýä Mukaddes Kudsyň azat edilmeginiň dabarasyna tomaşa eder diýip yglan etdi.