Eýranda koronanyň iň soňky ýagdaýy
Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministrligi soňky 24 sagadyň dowamynda korona keseli bolan 335 näsagyň ölmegi bilen ýurtda bu wirusdan ölenleriň sany 74,241 adama ýetdi diýip yglan etdi.
Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministrliginiň Jemgyýetçilik gatnaşyklary merkezi şu gün bir bildiriş boýunça ýurtda korona keselleriniň we ölümleriň soňky statistikasyny yglan etmek bilen geçen 24 sagatyň boýunda anyk anyklaýyş ölçeglerine esaslanyp, ýurtda kovid-19 bilen kesellän 17 müň 76 täze hassa tapyldy, şolardan 2 müň 681-si keselhanalarda ýerleşdirildi diýip yglan etdi.
Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrligi bu bildirişde şeýle-de kovid-19 hassasynyň ýurtdaky umumy sany 2 million 627 müň 94 adama ýetdi diýip habar berdi.
Bu ministrlik şeýle-de şu wagta çenli 2,074,089 näsag sagaldy ýa-da keselhanalardan çykaryldy diýip sözüne goşdy.
Resmi maglumatlara görä, koronawirus dünýäde 156 milliondan gowrak adama ýokaşandyr we 3 million 271 müňden gowrak adam bu keselden ölendir.