Eýranda geçiriljek prezident saýlawlaryna dalaşgärleri hasaba almak başlandy
Eýranda 13-nji prezident saýlawyna dalaşgärleri hasaba almak başlandy.
Mehr habar gullugynyň habaryna görä, Eýranda geçiriljek 13-nji prezident saýlawyna dalaşgärleri hasaba almak şu gün, sişenbe güni Tähranda ýurduň saýlaw merkezinde başlandy.
Eýranyň 13-nji prezident saýlawy Içeri işler ministri Abdolreza Rahmani Fazliniň buýrugy we ýurduň saýlaw merkezinde 5 günüň dowamynda hasaba alyş işiniň başlamagy bilen başlandy.
Eýranda geçiriljek prezident saýlawlaryna dalaşgärleri hasaba almak irden 8-den öýleden soň sagat 6-a çenli amala aşyrylar we Goragçylar Geňeşiniň täze kararyna laýyklykda bellige alynmak üçin her bir dalaşgäriň zerur resminamalary bolmaly.
Eýranyň on üçünji prezident saýlawy 1400-nji ýylyň 28-nji Hordadynda geçiriler.